Sepleriň elýeterliligi

Günbatarly liderler Liwiýa gadam basdylar


Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi we Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşiniň başlygy Abdel Jelil bilen bilelikde ýerli medisina merkezine sapar edýarler. Tripoli. 15-nji sentýabr, 2011.

Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi we Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşiniň başlygy Abdel Jelil bilen bilelikde ýerli medisina merkezine sapar edýarler. Tripoli. 15-nji sentýabr, 2011.

Fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi bilen Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron şu gün Liwiýa bardylar. Olar Muammar Kaddafi häkimiýet başyndan kowlaly bäri ýurda sapar eden ilkinji günbatar liderleridir.


Nikolas Sarkozi bilen Deýwid Kameron Liwiýanyň ozalki lideri Muammar Kaddafiniň 42 ýyldan soň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegine goşant goşan NATO-nyň bombalama kampaniýasyny işjeň goldan döwlet liderleri.

Habarlarda Sarkoziniň we Kameronyň Tripoli hem-de Bengazi şäherlerine syýahat etjekdikleri aýdylýar. Paýtagt Tripoli opposizion söweşijiler tarapyndan alnaly bäri aradan üç hepdeden gowrak wagt geçendigine garamazadan, Liwiýanyň geçiş hökümeti henizem Bengazide.

Britaniýanyň premýer-ministri Kameronyň metbugat edarasy tarapyndan çykarylan beýannamada bu saparda onuň ýanynda ýurduň daşary işler ministri William Heýgiň hem bardygy aýdylýar. Kameron Liwiýanyň geçiş hökümetine Britaniýa tarapyndan has uly ýardamlary wada eder diýip garaşylýar. Maglumata görä, ol Milli Geçiş Geňeşiniň ýokary derejeli ýolbaçylary Mustada Abdel Jelil we Mahmud Jibril bilen duşuşar.

“Diplomatik sahnada garaşylýar”

Günbatar ýurtlary, şeýle hem goňşy ýurtlar Liwiýany diplomatik sahnada garşy almaga gaty meýil görkezýärler. Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdoganyň hem öňümizdäki günlerde Liwiýa barmagyna garaşylýar.

Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Jeffri Feltman hem Tripolä bardy. Ol Liwiýanyň geçiş hökümetiniň ýolbaşçylaryna Waşingtonyň ýakyndan goldaw berjekdigini bildirdi.

“Polisiýa güýçleriniň dolandyrylyşy we howpsuzlyk baradaky kontrollygyň barha artýandygy bizi ruhlandyrýar. Liwiýanyň geçiş hökümetiniň ýolbaşçylary bu çäreleri berkidip, rewolýusion güýçleri graždan jemgyýetine integrirleýärler” diýip, Feltman belledi.

Bu wakalayň fonunda bolsa Milli Geçiş Geňeşiniň ýolbaşçylary Kaddafä ygrarly regionlary ele almak üçin özlerine ýarag berilmegini haýyş edýärler. Milli Geçiş Geňeşiniň başlygy Abdel Jelil BBC habar gullugyna beren interwýusynda ähli altyn-kümşüň Kaddafiniň eýeçiligindedigini aýdyp: “Ol şäherlere, nebit ýataklaryna we elektrik stansiýalaryna hüjüm etmegi planlaşdyrar” diýdi.

Bengaziden Tripola göçen Milli Geçiş Geňeşiniň başlygy Abdel Jelil Kaddafä ygrarly ähli güýçleriň görkezýän garşylygy ýatýança Milli Geçiş Geňeşiniň öz administrasiýasyny dolulygyna Tripola geçirmejekdigini tassyklady.

Kaddafiniň dogduk mekany basyşda

Siriýanyň telekanalynda okalan we Kaddafä degişlidigi aýdylýan bir hatda Kaddafi öz dogduk şäheri Sirtä edilýan hüjümleri “aýylganç jenaýatçylyk” diýip atlandyryp, munuň öňüniň alynmagy üçin Birleşen Milletler Guramasyna ýüzlenipdir.

Sirte häzir Kaddafiniň tarapdarlarynyň elinde. Paýtagtyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Bani Walid şäheriniň hem käbir böleklerine onuň tarapdarlary kontrollyk edýärler.

Milli Geçiş Geňeşiniň başlygy Abdel Jeliliň aýtmagyna görä, Kaddafiniň tarapyny çalýan söweşijileriň köpüsi günortada çöllükde ýerleşýän Sabha şäherine gaçyp atypdyr. Tripoli Milli Geçiş Geňeşiniň eline geçeli bäri Muammar Kaddafiniň ýakyn garyndaşlarynyň goňşy Aljire we Nigere gaçyp barandyklary aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Jeffri Feltman adaty ýaraglara kontrollyk üçin Birleşen Ştatlaryň Liwiýa bilen işdeşlik edýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, adaty däl ýaraglardan abanýan howp hem ünsden düşürilmeýär.

Milli Geçiş Geňeşi şeýle-de Kaddafä garşy güýçlere bildirilýän günäler barada doly derňew geçirmegi wada edipdir. Ýewropa Bileleşigi iki tarapy-da eden-etdilikli yzarlamalardan we adam öldürmekden saklanmaga çagyrdy.

Eýranyň resmi habar gullugy IRNA ýurduň Daşary işler ministrliginiň beýannamasyna salgylanyp, Eýranyň ilçisiniň Liwiýa dolanandygyny habar berdi. Tähran gozgalaňçylara hüjüm edenligi üçin Muammar Kaddafiniň hökümetini-de tankytlapdy hem-de NATO-nyň harby taýdan ara goşulmagyny ýazgarypdy.
XS
SM
MD
LG