Sepleriň elýeterliligi

Türkmen resmileri Norwegiýadaky saýlawlara syn etdiler


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň wekillerinden we Mejlisiň deputatlaryndan ybarat resmi topar Norwegiýanyň resmileri bilen saýlaw mehanizmleri barada pikir alyşýarlar. Oslo. 11-nji sentýabr, 2011.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň wekillerinden we Mejlisiň deputatlaryndan ybarat resmi topar Norwegiýanyň resmileri bilen saýlaw mehanizmleri barada pikir alyşýarlar. Oslo. 11-nji sentýabr, 2011.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýokary derejeli wekillerinden we Mejlisiň deputatlaryndan ybarat resmi topar Norwegiýa sapar etdi. Türkmen resmileriniň 13-nji sentýabrda tamamlanan alty günlük bu iş saparyny ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi gurnady.


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýokary derejeli wekillerinden we Mejlisiň deputatlaryndan düzülen resmi toparyň Norwegiýa eden alty günlük iş sapary Ýewropda Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi, Norwegiýanyň Daşary işler ministrligi we Oslo uniwersitetiniň ýanyndaky Norwegiýanyň adam hukuklary boýunça merkez tarapyndan gurnaldy.

ÝHHG-niň resmi maglumatyna görä, bu çäräniň maksady Türkmenistana bu guramanyň agzasy hökmünde saýlawlary geçirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam etmekden ybarat.

Nämä üns berildi?

Türkmen resmileriniň Norwegiýa eden bu saparynyň dowamynda saýlawlary düzgünleşdirmek, guramak we geçirmek bilen bagly praktiki çäreler we dünýäde bar bolan täze usullar boyunça tejribe alşandyklary habar berilýär.

“Türkmenistanyň öz milli saýlaw sistemasyny ilerletmek ugrundaky tagallalaryny goldamagymyzy dowam etdireris. Bu gurnalan sapar hem bu ugurdaky praktiki ädimdir” diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň resmi beýanatynda Merkeziň ýolbaşçysy Sergeý Belýaýew belläpdir.

Türkmen resmileri Norwegiýa saparlarynyň dowamynda bu ýurtda 12-nji sentýabrda geçirilen munisipal saýlawlaryň geçişine hem syn etdiler. Saýlawlaryň guramaçylygy temasy türkmen resmileriniň Norwegiýanyň Ýerli hökümet we Regional osüş ministrliginde, syýasy partiýalarda we parlamentde bolan duşuşyklarda hem maslahat edildi.

Türkmen delegasiýasy bilen duşuşyk geçiren Norwegiýanyň dam hukuklary boýunça merkeziniň müdiri Nils Buttenşon Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde boldy daşary ýurtlardan gelen wekiller bilen duşuşyklarda şol ýurtlaryň saýlaw sistemalarynyň güýçli we gowşak taraplarynyň aýdyňlaşandygyny belledi.

Nils Buttenşon türkmen resmileri bilen geçirilen duşuşygyň özünde gowy täsir galdyranlygyny aýtdy.

Tejribelerden peýda bolarmy?

Türkmenistanyň resmileriniň soňky ýyllarda ýygy-ýygydan geçirýän daşary ýurt saparlarynda saýlaw prosesine ünsüň artdyrylmagyna käbir synçylar belli bir derejede oňyn özgerişlik hökmünde baha berýärler.

Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow bu mesele barada şeýle diýdi: “Nähili-de bolsa tejribe - tejribe bolýar. Sapar edýänler Norwegiýada we beýleki ýurtlarda nähili düzgünleriň işleýändigini baryp görýärler: Saýlawlar nähili geçýär, halk näderejede gatnaşýar, olar näderejede erkin. Olar şu zatlary Türkmenistana baryp, derhal ýola goýarlar diýen pikirden men gaty uzakda. Emma şol adamlar, hiç bolmanda, Türkmenistandakydan başga ýagdaýyň bardygyny, başgaça ýaşap boljakdygyny, başgaça saýlaw geçirip ýa ýolbaşçy saýlap boljakdygyny görseler, bir topar adamyň kalbynda, belki, bu gezek bolmasa, indiki gezek ýagşy arzuwlar galar”.

Halmyrat Söýünowyň pikirine görä, saýlaw sistemasynyň halkara kadalaryna laýyk bolmak meselesi milli kanunlary durmuşa geçirmekdäki mehanizmleriň işe girizilmegini we syýasy sistemanyň özgerdilmegini talap edýär.

Türkmen resmileriniň Norwegiýa eden bu sapary Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzalarynyň geçen ýyldan bäri ÝHHG-niň agza döwletlerine edýän nobatdaky saparydyr. Bu barada ÝHHG-niň resmi maglumatynda aýdylýar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Azatlyk Radiosyna beren maglumtyna görä, türkmen resmileriniň sapary üçin bu gezek Norwegiýanyň saýlanyp alynmagy onuň gowy düzgünleşdirilen saýlaw sistemaly ýurt bolany üçindir. Üstesine-de, tejribe alyşmak üçin gurnalýan şeýle wizitler saýlawlara gabatlap geçirilýär.

Ýewropda Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň resmileriniň saýlaw prosesleri bilen iş ýüzünde tanyşmaklarynyň olaryň öz saýlawlarynyň, şol sanda 2012-nji ýyldaky öňde duran prezidentlik saýlawlarynyň guramaçylygyny kämilleşdirmäge ýardam berer diýip hasap edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG