Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň sudy dört adamy ölüm jezasyna höküm etdi


Penşenbe güni Hytaý şu ýylyň tomsunda ýurduň günbatar sebitlerinde dörän zorlukly çäreler bilen baglanyşykly dört adamy ölüm jezasyna höküm etdi.

Ksiňjang welaýatynyň iki şäherinde bolan bidüzgünçiliklerde 32 adam ölüpdi. Kaşgar we Hotan şäherlerinde dörän bu wakalary gurnamakda Pekin uýgur seperatistlerini aýyplaýar.

Düýbi Germaniýada ýerleşýän bosgunlykdaky Dünýä Uýgurlary Kongresiniň aýtmagyna görä, tussag edilen dört adam gynamalara sezewar edilipdir, şeýle-de olara aklawçylar bilen görüşmäge juda çäkli wagt berlipdir.
XS
SM
MD
LG