Sepleriň elýeterliligi

Katerin Aşton Ýakyn Günodara saparynyň möhletini uzaltdy


Penşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aşton özüniň Ýakyn Günodara edýän saparynyň möhletini uzaltdy. Bu palestinlileriň özbaşdak döwlet hökmünde BMG-ä agza bolmak ugrunda planlaryny gürleşmek üçin edilen çäre boldy.

Palestinliler BMG-niň 194-nji agzasy bolmak ugrunda özleriniň arzasyny resmi taýdan şu aýyň 20-ne BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda mälim ederler diýlip garaşylýar. Muňa Birleşen Ştatlar we Ysraýyl garşy çykýar.

Aştonyň bu saparyna palestinliler bilen ysraýyllylary parahat gepleşiklere dolamaga gönükdirilen soňky synanyşyk hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG