Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýanyň UBS bankyndan 2 milliard dollar pul ýuwulypdyr


Şweýsariýanyň UBS banky iki milliard dollar möçberinde zyýan çekdi. Habara görä, bu waka bankyň bir işgäriniň şübheli ylalaşyk baglaşandygy netijesinde ýüze çykypdyr.

Bankyň dolandyrjylarynyň aýtmagyna görä, häzir içerki derňew başlanypdyr. Şeýle-de, çekilen zyýanyň mundan beýläk hem artmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Waka sebäpli penşenbe güni pul bazarlary açylanda, bu bankyň aksiýalarynyň hümmeti hem pese düşdi.
XS
SM
MD
LG