Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň we Britaniýanyň liderleri Liwiýada çykyş etdiler


Liwiýa sapar edýän Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi bilen Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron häkimiýetden çetleşdirilen Muammar Kaddafiniň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdylar.

Penşenbe güni Sarkozi hem Kameron Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşiniň liderleri Mustafa Abdel Jalil we Mahmud Jibril bilen Tripolide gepleşik geçirdi.

Gepleşiklerden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda Fransiýanyň lideri liwiýalylary “öç almalardan” saklanmaga çagyrdy. Kameron bolsa, Kaddafiniň we onuň režiminiň “jenaýat eden” agzalarynyň adalata çekilmeldigini aýtdy.

"Biz size Kaddafini tutamga we ony adalata çekmäge kömek bereris. Şeýle-de, biz Liwiýadan howply ýaraglary, şol sanda ýer-howa raketalaryny hem siziň halkyňyza köp kynçylyklary döretjek minalary çykarmaga hemaýat etmek isleýäris” diýip, Kameroan çykyşynda belledi.
XS
SM
MD
LG