Sepleriň elýeterliligi

Minskde amala aşyrylan partlama boýunça sud prosesi başlandy


Penşenbe güni Belarusda 11-nji aprelde Minskiň metro stansiýasynda amala aşyrylan partlama boýunça sud prosesi başlandy.

“Oktýabrskaýa” metro stansiýasynda gurnalan partlamada 15 adam ölüp, 200 töweregi ýaralanypdy.

Partlamany amala aşyrmakda belarusyň iki raýaty - 25 ýaşlaryndaky Dmitriý Konowalow hem Wladislaw Kowalew aýyplanýar.

Bular başga-da iki paratlamada, ýagny 2005-nji ýylda Witebskdäki we 2008-nji ýyldaky Minskdäki partlamalara ilteşikli bolmakda hem gümän edilýär.
XS
SM
MD
LG