Sepleriň elýeterliligi

Siriýaly oppozisiýa toparlary özara geňeş döretdiler


Siriýaly oppozisiýa toparlary düýn Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy bilelikde göreşmegi maksat edinýän geňeşi döredendiklerini yglan etdiler.

Türkiýede bolan duşuşykda döredilen «Siriýa milli geňeşi» prezidenti Başar al-Assad bilen çözülişmekde we halkara jemgyýetçiligi bilen düşünişmekde bir ylalaşygy ýola goýmaga synanar.

Bu topara 140 sany oppozisiýaçy aktiwistiň, şol sanda daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýan opponentleriň we ýurt içindäki 70 dissidentiň girýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG