Sepleriň elýeterliligi

Rok aýdym-saz ýyldyzlary Kabulda konsert berýärler


Owganystanyň 1975-nji ýyldan bäri ilkinji rok saz festiwalyny gurnaýjylar Kabulda çarşenbe gününden başlap bir aý konsert çärelerini gurnajakdyklaryny we aýdym-saz seminarlaryny geçirjeklerini aýdýarlar.

Festiwaly gurnaýjy Trawis Bird Azatlyk Radiosyna konsertleriň we seminarlaryň howpsuzlyk çäreleri astynda, ýaş owgan saz muşdaklary bilen telefon hatlary, e-meýl hatlary, sosial networkler we websaýtlar arkaly habarlaşmak esasynda, duşuşyk ýerlerini soňky minutda aýtmak bilen geçiriljegini gürrüň berdi.

Bir aýyň dowamynda gurnaljak konsertlere Owganystandan, Pakistandan, Eýrandan we Merkezi Aziýadan 12 sany rok toparynyň gatnaşmagy planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG