Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda Al-Kaidanyň ýene bir ýokary lideri öldürildi


Düýn habar agentlikleri ady görkezilmeýän amerikan resmilerine salgylanyp, Al-Kaidanyň Pakistandaky liderleriniň biri Abu Hafs al-Şahriniň öldürilendigini habar berdiler.

Ol Pakistanyň tire sebitinde, adamsyz uçaryň zarbasyndan ölüpdir. Adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürlän resmileriň biri Abu Hafsyň ölümi Pakistanyň içindäki esasy wehimi aradan aýyrýar diýdi.

Asly Saud Arabystanyndan diýilýän Abu Hafsyň anyk öldürilen güni we ýeri aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG