Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň başlygy Kosowany we Serbiýany sowukganlylyga çagyrdy


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen harby ýaranlygyň Kosowa bilen Serbiýanyň arasyndaky serhet dawasynyň ýitileşmegi netijesinde Balkan sebitiniň gaýtadan zorluga tarap süýşmegine ýol bermejegini aýtdy.

Rasmussen bu beýanaty Pristina eden gysga wagtlyk sapary mahalynda Kosowanyň häkimiýetleriniň Serbiýa bilen aradaky dawaly serhet geçelgesine öz polisiýa we gümrük işgärlerini ýerleşdirjek gününden bir gün öň etdi.

NATO-nyň Baş sekretary Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi bilen duşuşykdan soň çykyş eden metbugat ýygnagynda bu regiondaky halkara kontingentiniň öz mandatyna laýyklykda düzgünlere esewan boljagyny aýtdy.

Iýul aýynda Kosowa bu gürrüňi edilýän iki serhet geçelgesine kontrollugy öz eline aljak bolanda turan çaknyşykda bir kosowaly polisiýa ofiseri öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG