Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iş taşlaýyş yglan eden nebitçiniň agyr kysmaty


58 ýaşly Myrzabaý Lesow «Ozenmunaýgaz» kompaniýasynda 30 ýyllap KamAZ-yň sürüjisi bolup işledi.
58 ýaşly Myrzabaý Lesow «Ozenmunaýgaz» kompaniýasynda 30 ýyllap KamAZ-yň sürüjisi bolup işledi.
Gazagystanyň Žanaozen şäherindäki iş taşlaýşa gatnaşyjy Myrzabaý Lesow agyr günleri başdan geçirýär: ol iki elini burnuna sokup galdy. Beýleki iş taşlaýyş yglan edenler bilen birlikde ony-da işden çykardylar. Myrzabaýyň köp başly maşgalasy soňky üç aýyň dowamynda çörekdir suw bilen oňňut edýär.

58 ýaşly Myrzabaý Lesow «Ozenmunaýgaz» kompaniýasynda 30 ýyllap KamAZ-yň sürüjisi bolup işledi. 1981-nji ýylda täze ýere — nebit kompaniýasyna işe duran Mirzabaý aýaly bilen Şetpe posýologyndan Janaozene göçüp bardy.

—Ilkibada ondan-oňa göçüp, kireýine ýaşadyk. Soň çagalarymyz dünýä indi, şundan soň bize iki otagly jaý berdiler—diýip, Myrzabaý Lesow gürrüň berýär.

Nebitçiniň üç sany ýetişen çagasy, iki sany ownuk agtygy bar. Bir ýyl mundan ozal maşgalabaşynyň keýwanysy dünýesini täzeledi. Mirzabaýyň aýtmagyna görä, onuň aýaly güýçli gan basyşyndan ejir çekipdir.

—Aýalymyň gan basyşy gaty güýçlüdi. Şonda-da ol özüni aýaman, zähmet çekýärdi. Biziň ülkämizde awgustdyr sentýabr aýlary howa gaty yssy bolýar. Geçen ýylyň 26-njy sentýabrynda aýalym işden gaýdyp gelýärkä agyr derde uçrady. Onuň beýnisine gan indi. Aýalym şondanam gitdi — diýip, ol gussa bilen ýatlaýar.

Myrzabaý Lesowyň gyzlary Aktoty bilen Kuralaý, şonuň ýaly-da 21 ýaşly ogly Şura dagy hem işsiz. Ýene iki agtygy Myrzabaýyň eklenjisinde.

—Häzir Aktotynyň bir özi gyzyny terbiýeleýär. Agtygymyň sekiz ýaşy bar, ol ikinji klasda okaýar. Şu ýyl onuň okuw şaýyny tutmak kyn düşdi. Egin-eşikdir iýmit babatda döwlet kömek etdi. Nebitçileriň köpüsi çagalaryny okuwdan alyp galdy, ýöne biz balamyzy bilimsiz galdyrmak islemedik. Ikinji gyzym Kuralaýyň ýap-ýaňy diýen ýaly çagasy dünýä indi. Häzir ol hassahanada. Basym öýe goýberjekler. Oglum hiç ýerde işlänogam, okanogam — diýip, Myrzabaý Lesow gürrüň berýär.

Çagşan öý we boş holodilnik

Mirzabaý 1966-njy ýylda gurlan, köne, iki gatly jaýda ýaşaýar. Lagşan gurluşygyň binýady pytrap barýar, öýüň umumy girelgesi gözgyny ýagdaýda: gapysy ýok, basgançak bilen gidilýän ýerdäki penjireler döwlüpdir, suwagyň barysy diýen ýaly gopupdyr, nejasatlaryň ysy demiňi tutup gelýär.

Myrzabaý Lesowyň sözlerine görä, işçi nebitçileriň maşgalasy esasan, şeýle öýlerde ýaşaýarlar.

—Öý kibtini gysyp otyr, biziň welin girelgäni remont etmäge ýa-da jaýyň ýüz tarapyny gowulamaga güýjümiz ýetenok. Gürrüňem ýok, biz öz öýlerimizi remont edip bilemzok. Mysal üçin meniň aýlyk hakym 77 müň teňňe töweregidi (ABŞ-nyň 500 dollary çemesi). Azyk harytlary gaty gymmat. Biz zordan günümizi dolaýardyk, indi welin iýmäge-de zadymyz galmady — diýip, Myrzabaý Lesow gürrüň berýär.

Hakykatdanam, Myrzabaýyň öýünde döwüm-dişlem çöregem ýok. Aşhana şkafynyň polkalary we holodilnik takrap ýatyr. Otaglar bulam-bujar, ähli ýerde nämedir bir zatlar çaşyp ýatyr. Myrzabaý öýüniň şeýle bitertipligini otaglarynyň kiçijikdigi, ýyllaryň dowamynda ýygnanan goşlara ýeriň ýoklugy bilen düşündirýär.

—Şu iki otagda alty baş bolup ýaşaýarys. Ýyllaryň dowamynda goş köki üýşüpdir. Olary nirede ýerleşşdirjegiňi biler ýaly däl. Şonuň üçinem üýşürip goýýarys — diýip, Myrzabaý Lesow gürrüň berýär.

“Meýdançada galanyma ökünemok”

Haçan-da iş taşlaýyş yglan edenleriň köpüsi iş ýerlerine dolanyp baranlarynda Myrzabaý özüniň kän ikirjiňlenendigini aýdýar. Ol iki oduň arasynda galypdy: öz ýoldaşlary bilen meýdançada galmalymy ýa-da örän elgarama şertlerde işe çykmalymy? Myrzabaýyň sözlerine görä, ozalky iş orunlaryna dolanyp baranlary dagy-duwara iş taşlaýyşlara gatnaşmajakdyklary we aýlyk haklaryny köpeltmegi talap etmejekdikleri barada, şonuň bilen birlikde-de iş berijiniň ähli görkezmelerini gyşarnyksyz berjaý etjekdikleri barada goşmaça şertnamalara gol çekmäge mejbur edipdirler. Myrzabaý özleriniň iş taşlaýyşlarynyň ýeňiş bilen tamamlanjagyna bil baglaýar.

—Men gaty köp oýlandym hem-de ikirjiňlendim. Haçan-da adamlar iş orunlaryna dolanyp baranlarynda, munuň özi, dönüklik ýaly bolup göründi. Ýöne men beýleki tarapdan öz çagalarym, agtyklarym barada-da oýlandym. Çünki olar aç-suwsuz, idi-yssywatsyz öýde galypdy. Çagalarym meni işe çykmaga yrjak boldular, ýöne men meýdançadaky oglanlary ýeke taşlap biljek däldim. Men olaryň ýüzüne nädip seredip bileýin? Juda agyr ýagdaýda galdym, ýöne mesele tiz çözüler we biz öz iş ýerlerimize öwrülip bararys diýip ynanýaryn — diýip, Myrzabaý Lesow aýdýar.

Ýakynda Gazagystanyň käbir hökümete degişli bolmadyk guramalary iş taşlaýyş yglan eden nebitçileriň maşgalalaryna kömek gaznasyny döretdi. 400 müň teňňe (2700 dollar töweregi) möçberdäki ilkinji kömek aýratyn mätäçlik çekýän nebitçileriň maşgalalaryna paýlanyp berildi. 40 maşgala, şol sanda Myrzabaý Lesowyň maşgalasy-da 10 müň teňňeden (70 dollar töweregi) aldy.

Myrzabaý häzirki kyn günlerde iş taşlaýyş yglan edenlere maddy we ruhy goldaw berýänleriň hemmesine iňňän minnetdardygyny aýdýar.

—Kömek edýänleriň barysyna taňryýalkasyn. Men ýoldaşlarym bilen meýdançada galanyma ökünemok, çünki biz adalatlylygy gazanmak isleýäris. Belki, biziň hereketlerimiz hak-hukuklary hemme ýerde bozulyp gelinýän beýleki adamlar üçin görelde bolar. Gul bolup ýaşamaly däl-de, öz hak-hukugyň ugrunda göreşmeli, çünki 21-nji asyrda ýaşap ýörüs. Her näçe kyn bolsa-da, biz şu synagdan geçäýmeli — diýip, Myrzabaý Lesow aýdýar.

Mangistaus oblastynyň nebitçileriniň eýýäm dördünji aý bäri iş taşlaýyş yglan edendiklerini ýatlaýarys. Olar Gazagystan hökümetiniň 2008-nji ýylyň 3-nji noýabrynda tassyklan regional koeffisentleriniň esasynda özlerine berilmeli aýlyk haklaryny talap edýärler. Nebit kompaniýalarynyň ýolbaşçylary nebitçileriň hasap-hesipleriniň dürs däldigini, olaryň bolmalysy ýaly haklaryny doly alýandyklaryny aýdýarlar.

Artur Nigmetow Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG