Sepleriň elýeterliligi

Kaddafä garşy güýçler ýene iki şäherde söweş alyp barýarlar


Liwiýanyň wagtlaýyn hökümetiniň güýçleri häkimiýetden çetleşdirilen Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň kontrollygynda galan soňky iki şäheri ele geçirmek üçin gazaply söweş alyp barýarlar.

Kaddafä garşy güýçleriň aýtmagyna görä, olar Bani-Walid şäherine girmegiň ýolunda barýarlar. Goşunyň beýleki bir bölegi bolsa, Kaddafiniň dogduk ýeri Sirte şäherinde söweşýärler.

Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşine ygrarly güýçleriň ýedi aý töweregi alyp barýan söweşiniň netijesinde indi olar ýurduň köp bölegini öz gözegçiliginde saklaýarlar.

Şol bir wagtda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan özüniň arap döwletlerine edýän saparynyň çäginde anna güni Liwiýanyň paýtagty Tripolä bardy. Mundan öň ol Müsürde we Tunisde bolupdy.
XS
SM
MD
LG