Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Köýtendagda dinozawrlaryň yzlaryny gördi


Hepdäniň anna güni Türkmenistanyň prezidenti Lebap welaýatyna saparynyň çäklerinde Köýtendaga bardy.

“Dünýäde deňi-taýy bolmadyk dinozawrlaryň yzlaryny we bu ýerdäki beýleki tebigy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdurmak üçin ähli zerur işleri geçirmeli” diýip, prezident görnükli alymlary, dünýä belli spesialistleri çagyrdy.

Berdimuhamedow şu mesele boýunça ýörite ylmy konferensiýa geçirmegi hökümete tabşyrdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
XS
SM
MD
LG