Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gurluşy tassyklandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzgünnamasyny we gurluşyny tassyklady.

Munuň bilen baglylykda prezident dahylly ministrliklere Türkmenistanyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklibi bir aýyň dowamynda taýýarlamagy tabşyrdy.

Teklip Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi we Adalat ministrligi tarapyndan Ministrler Kabinetine hödürlener. Bu barada TDH habar berýär.
XS
SM
MD
LG