Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň maliýe ministrleri maslahat geçirýärler


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň maliýe ministrleri Polşanyň Wroslaw şäherinde transaksizlere salgyt salmak meselesini maslahatlaşýarlar.

Şu çärä tarapdarlaryň pikiriçe, täze salgyt düzgüni ÝB ýurtlarynyň býujetine gelýän maliýe akymyny artdyrmaga, netijede, kömege mätäç ýurtlara edilýän ýardam ýüküniň belli bir bölegini salgyt töleýjileriň çekmegini gazanmaga ýardam eder.

Fransiýa we Germaniýa bu çäräni goldaýar, Beýik Britaniýa garşy çykýar.

“ÝB-e agza 27 ýurduň ählisinde täze düzgüni girizmegiň mümkin däldigi üçin, ýewrozolaga girýän 17 ýurt bilen bagly bu meseläni maslahat etmeli bolar” diýip, anna güni agşam Belgiýanyň maliýe ministri Didýe Reýnders aýtdy.

Beýik Britaniýa ýewrozolaga girmeýär.

Birleşen Ştatlar täze salgydyň girizilmegine garşy çykyş edýär we "bu çäräni ähli döwletler kabul etmese, garaşylýan netijäni bermez" diýen pikiri öňe sürýär.

Şenbe güni Polşanyň Wroslaw şäherinde ÝB-e agza ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklary ençeme ýewropa hökümetleriniň býujet çykdajylaryny azaltmak planlaryna garşy köpçülikleýin demonstrasiýalary gurnadylar.
XS
SM
MD
LG