Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa girizilen sanksiýalaryň käbiri ýatyryldy


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Liwiýanyň Milli geçiş geňeşine bu ýurduň BMG-däki bähbitlerine wekilçilik mandatyny berdi.

Geňeşiň baştutany Mustafa Abdel Jelil geljek hepde açyljak Baş Assambleýanyň işine gatnaşar. Ol bu ýerde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen duşuşar.

Günbatar habar agentlikleri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Muammar Kaddafiniň ýurdy dolandyran wagty Liwiýa girizilen ykdysady sanksiýalaryň käbirini ýatyrandygyny habar berýärler.

Muammar Kaddafiniň dogduk şäheri Sirtede NATO-nyň howadan uran zarbalarynda 350-den gowrak adamyň ölendigini, NATO-nyň anna güni gije 30-dan gowrak raketa atandygyny, 90 adamyň at-dereksiz ýitip, 700-den gowragynyň ýaralanandygyny Kaddafiniň wekili Ibragim Musa aýtdy.

NATO häzirlikçe bu maglumaty kommentirlemedi.

Bani Walid şäherine gozgalaňçylaryň eden hüjümleri-de şowsuz boldy. Diktatoryň töweregindäkiler onuň “ençeme aýlap garşylyk görkezmäge taýýardygyny” aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG