Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelaly oppozisioner prezidentlige dalaş eder


Halkara sudy wenesuelaly oppozision syýasatçy Leopold Lopese prezidentlige dalaş etmäge rugsat berdi.

Amerikan döwletleri guramasynyň ýanynda hereket edýän adam hukuklary boýunça Amerikanara sudy şeýle karara anna güni geldi.

Sud Wenesuelanyň häkimiýetleriniň 2014-nji ýyla çenli Lopesi islendik derejedäki saýlawlara gatnaşmakdan mahrum edýän kararyny bikanun diýip yglan etdi.

Karakasyň etraplarynyň biriniň önki baştutany Lopes korrupsiýada aýyplanypdy, ýöne suda çekilmändi. Ol özüne syýasy matlaplar ötri günä bildirilendigini öňe sürýär.

Lopes 2012-nji ýylda Wenesuelada geçiriljek prezident saýlawlarynda Ugo Çawese bäsdeş bolmakçy.
XS
SM
MD
LG