Sepleriň elýeterliligi

Niderlandlarda bürenjek geýmek gadagan ediler


Niderlandlaryň hökümeti adamyň ýüzüni ýapýan geýimi köpçülik ýerinde geýmegi gadagan etmekçi. Ol ozaly bilen bürenjek we beýleki milli geýimleri geýýän musulman aýal-gyzlaryna degişli.

“Şeýle geýimiň geýilmegi erkekler bilen aýallaryň esasy hukuklarynyň deňligini bozýar” diýlip, golland hökümetiň anna güni çap edilen beýanatynda bellenýär.

Niderlandlaryň premýer-ministri Mark Rýutte bolsa öz ýurdunda graždanlyk almak düzgünleriniň pugtalandyrylýandygyny yglan etdi.

Mundan beýläk Niderlandlardan graždanlyk almak üçin arza berýänler durnukly girdejisiniň bardygyny, azyndan üç ýyl bäri döwlet kömegini almandygyny subut etmeli bolar.
XS
SM
MD
LG