Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Garaşsyzlygyň toýuna uludan taýýarlanylýar


Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň dabaralaryna taýýarlyk işleri eýýäm awgustyň aýaklaryna başlandy.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň dabaralaryna taýýarlyk işleri eýýäm awgustyň aýaklaryna başlandy.

Şu günler Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna taýýarlyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Ownukly-irili çäreleriň sany ummadan geçse-de, baýramçylygyň esasy dabaralary 26-28-nji oktýabr günleri geçiriler.

Her gezekde bolşy ýaly, 26-njy oktýabrda stadion dabarasy gurnalar. Baýramçylyga çenli paýtagtda 20 müň orunlyk täze stadion taýýar bolar. Şol gün Aşgabadyň merkezinde açyljak bu stadionda welaýatyň hem-de paýtagtyň sungat ussatlarynyň çykyşlary gurnalar.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli, stadion dabaralary diňe bir Aşgabatda däl, eýsem ýurduň beýleki welaýatlarynda hem geçiriler. Welaýatlaryň 10 müň tomaşaçaly stadionlarynda geçiriljek çäreler paýtagtdaky dabaralardan has irräk geçiriler.

Baýramçylygyň esasy dabarasy 27-nji oktýabrda geçiriler. Şol gün paýtagtyň merkezinde ýerleşýän köşkler toplumynyň merkezi tribunasynda harby parad bolar. Köşkler toplumynyň täze merkezi tribunasy baýramçylyga çenli doly taýýar ediler. Harby paraddan başga, şol gün ol ýerde ýurduň pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda teatrlaşdyrylan dabaralar gurnalar. Paradyň dabarasynyň juda şowhunly geçmegi üçin daşary ýurtlardan tejribeli režissýorlaryň birnäçesiniň çagyrylandyklary habar berilýär.

28-nji oktýabrda bolsa, adatdaky ýaly, toý dabarasynyň şowhuny aýlawlarda we paýtagtyň hem-de welaýatlaryň aýdym-saz merkezlerinde dowam etdiriler.

Toý dabarasyna taýýarlyk agyr degýär

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň dabaralaryna taýýarlyk işleri eýýäm awgustyň aýaklaryna başlandy. Şu gezekki dabara gatnaşdyryljak adamlaryň sanynyň juda uly boljakdygyna garaşylýar. Adatça, 27-nji oktýabr gününde geçilýän parada 7 müň töweregi adam gatnaşdyrylardy. Bu gezekki dabara paýtagtyň orta mekdepleriniň ýokary klas okuwçylary hem gatnaşdyrylar.

Köşkler toplumynyň merkezi tribunasynda boljak parada gatnaşjaklaryň sanawy eýýäm awgustda düzüldi. Sanawyň gapdaly bilen dabara gatnaşjaklaryň üç arkasy baradaky maglumatlar hem degişli ýerlere ugradyldy. Ýerli häkimiýetleriň pikiriçe, şol parada "iň bir sylaglanýan adamlar gatnaşdyrylmalydyr".

Häkimiýetleriň özboluşly bu düzgünine garamazdan, parada gatnaşmaklygy raýatlar özleri üçin uly güzap saýýarlar. Olar işden soň, ýa dynç günleri 27-nji oktýabrda geçiriljek parada taýýarlyk görmek üçin iki aýlap günde repetisiýa gatnaşmaly bolýarlar. Repetisiýalar paýtagtdaky "Lokomotiw" hem-de "Olimpiýa" stadionlarynda geçirilýär.

Repetisiýa gatnaşýanlar howanyň yssy günlerinde esli wagtlap günüň aşagynda durmaly bolýandyklaryny, özleriniň suwsuzlykdan juda kösenýändiklerini, repetisiýa juda uzaga çekdirilen halatynda hajat işlerini bitirmekde kynçylyk çekilýändigini, bu meselede ýaş gyzlaryň has-da kösenýändiklerini aýdýarlar.

Repetisiýa gatnaşýan mekdep okuwçylarydyr talyplar bu zatlary adaty ýagdaý hökmünde kabul edýärler. Emma býujet edaralarynda işleýänler iş wagtyndan soňky hökmany suratda gatnaşmaly bu çäreleri özleri üçin uly görgi hasaplaýarlar. Şonuň üçin olaryň käbiri repetisiýalara gatnaşmak üçin özlerine derek kimdir birini hakyna tutýarlar.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli, ýurduň tanymal sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsertleriň gurnalmagyna hem garaşylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG