Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köp çagaly eneler nämä mätäç?


“Ene mähri” adyny alan eneler üçin esasy gerek zatlaryň biri - tünek.
“Ene mähri” adyny alan eneler üçin esasy gerek zatlaryň biri - tünek.
Sowet döwründe on çaga dogran aýallara “Gahryman ene” diýlen at dakylardy we soňra olar jaý bilen üpjün edilerdi.

Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow köp çagaly enelere “Gahryman ene” adynyň dakylmagyny bütinleý ýatyrdy. Türkmenistanyň Zenanlar guramasyna ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ejesi Gurbansoltan ejäniň ady dakylan-da bolsa, köp çagaly enelere-de, az çagaly enelere-de Nyýazowyň döwründe döwlet tarapyndan hiç hili kömek bolmandy. Hatda ol döwürde çagalara berilmeli kömek pullaryna çenli, ençeme adamlaryň pensiýalaryna çenli ýatyrylypdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara berilýän kömek pullaryny, pensiýalary täzeden dikeltmek bilen bir hatarda köp çagaly aýallara “Gahryman ene” adyny dakmagy-da ýola goýdy. Ýöne olara “Gahryman ene” diýilmän, “Ene mähri” diýen at dakyldy. “Ene mähri” diýmek — “Gahryman ene” diýmek.

“Ene mähri” diýen ada eýe bolan aýallar döwlet tarapyndan berilýän ähli ýeňilliklerden peýdalanmaga haklydyr” diýlip, “Ene mähri” adyny alan aýallar hakyndaky permanda nygtalýar.

Döwlet tarapyndan “Ene mähri” adyny alan aýallara berilýän ýeňillikler nämeden ybarat? Suwy, duzy mugt, elektrik togy bilen gazy ýeňillikli töleg bilen peýdalanmak olara rugsat edilýär.

Duz bilen suw hemmeler üçin belli bir derejede mugt. Elektrik energiýasy hem-de tebigy gaz üçin jogapkär adamlar bolsa seniň çagaň köpmi-azdygyna seredip duranoklar. Olar plan tabşyrmaly hem-de elektrik toguny we tebigy gazy peýdalanýanlardan almaly puly ýygnamaly.

“Men olara özüme “Ene mähri” adynyň berlendigi hakdaky depderçäni görkezdim hem-de elektrik togunyň we tebigy gazyň biziň maşgalamyza mugt berilmelidigini aýtdym. Şonda elektrik togy we tebigy gaz üçin pul ýygnap ýörenler: “Şu maşgala tok bilen gaz mugt” diýlen depderçäni görkezen halatyň senden gaz, tok üçin pul almarys, eger şeýle depderçäň ýok bolsa, sen hem uly il ýaly energiýa üçin edýän çykdajylaryňa töleg töläýmeli. Tölemeseňiz, toguňyzy hem gazyňyzy kesip gitjek. Siziň dogurýan köp çagalaryňyzdan elektrik energiýasyna ýa-da tebigy gazy öndürýän edaralara näme peýda bar?!” diýip, meniň üstüme gygyryp gidýärler” diýip, “Ene mähri” adyny alan eneleriň biri nalaýar.

Baş alada — jaý

“Ene mähri” adyny alan eneler üçin esasy gerek zatlaryň biri - tünek. Toga, gaza il hatary pul tölemeli bolýandyklary üçin olar gaty bir gynanybam duranoklar. Olaryň köpüsi çagany hem jaý almak umydy bilen köp dograndyklaryny aýdýarlar. Emma “Ene mähri” diýen ady alanlary mugt jaý bilen üpjün etmek baradaky görkezme ýurtdaky kabul edilýän karardyr permanlaryň hiç birinde agzalmaýar.

Näçe çaga dogursa-da, jaý aladasyny “Ene mähri” adyny alanlaryň özleri etmeli. Olar jaý, mellek sorap ýurtdaky iň kiçijik edaralardan, döwlet baştutanynyň adyna çenli arza ýazýarlar. Sudlara, prokuratura, häkimliklere ýüz tutýarlar. Zenanlar guramalaryna çenli kömek sorap hat ýazýarlar. Emma olaryň arzalary kiçi edaralarda-da, döwletiň çür başynda-da kanagatlandyrylmaýar. Olara diňe uly il ýaly pul töläp jaý alyp biljekdikleri hakda jogap hatyny iberýärler.

“Ene mährileriň” biri hatda özüne degişli häkimlige baryp, jaý berip bilmeselerem, iň bolman, jaý salar ýaly mellejik bermegi haýyş edendigini, şonda özüniň “Häkimlik bolup, kömegem edeňzok” diýen sözi üçin özüne häkimligiň bir işgäriniň “Kim saňa “aldygyna çaga dogur” diýdi? Häzir öýleri ýykylýanlary jaý bilen üpjün edip bolanok. Siz ýala entek el ýetenok” diýip, gygyryp goýberendiginden nalaýar.

Döwlet syýasat ýöredýär. Ol syýasat kagyz ýüzünde, metbugat sahypasynda ýöreýär. Köp çaga dogurýan aýallar elbetde, goldanan bolmaly, olara nähilidir hoş sözler aýtmaly, ýeňilrägem bolsa, gowy zatlary söz bermeli. Halkyň arasynda syýasat alyp barmak üçin elbetde, beýle zatlar gerek. Ýöne bahasy 150-200 müň amerikan dollaryna düşüp duran jaýy hiç kim hiç kime mugt berip bilmez. Sebäbi “Ene mährileriň” dogurýan çagalaryndan ol gymmat jaý döwlete has zerurrak gerekdir. Beýle ummasyz baha durýan jaýy mugtuna bermek - jübiňi ýele sowurmak bolup durýar.

Şeýle hem döwlet syýasaty üçin onuň birini ýa-da ikisini haýsydyr bir “Ene mährine” beribem bolar. Ýöne “Ene mährilerem” bir ýa-da iki däl, üstesine-de, olar her ýyl ýüze çykyp dur. Olaryň haýsy birini beýle gymmat jaý bilen üpjün etjek? Dogrusyny aýtsaň, häzir Türkmenistanda jaý, mellek almak şeýle bir kynlaşdy welin, eger “Ene mährilere” köp çagasynyň barlygy üçin mugtuna jaý, mellek berip başlasalar, Türkmenistanda köp çaga dogurmaga her kim girişse gerek. Halk jaý, mellek almaga hiç hili yş tapanok.

Ýurduň häzirki - ykdysady taýdan doly çöken döwründe köp çagany sada gelinler - hökümetden bir zat alyp bolar diýen düşünje bilen ýaşaýan gelinler dogurýarlar. Köp çaga dogranlygy üçin uly baştutanyň gaşyna getirip, özlerine arzanjak matadan köýneklik, süýji-kökejik, azajyk möçberde pul gowşurylanda olaryň käbiri köp çaga dogurmak bilen, özüniň salgyma kowalaşanyna düşünýärem, ýöne köpüsi welin, şonda-da özüne nähilidir bir kömek bolaryna umytly garaşýar.

Belki, “Ene mährilere” jaý, mellek beribem bolar. Munuň üçin emeldarlaryň diňe bir öz adyna däl, eýsem kowum-garyndaşlarynyň adyna çenli alyp goýýan ençeme jaýlarynyň üsti açylmaly. Özleriniň geljekde dünýä inmeli bäbeklerine çenli niýetläp jaý alyp goýýan emeldarlar “Ene mährileriň” dünýä inderýän perzentleriniň hem aladasynyň edilmelidigine düşünmeli, şu meselede özlerini borçly duýmaly.

Kiçiräk belligim: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Alyjan Döwletowyň öz blogunda ýazyşy ýaly, “Gahryman ene” diýen adyň ýerini çalyşmak bilen dakylan “Ene mähri” diýen at jüpüne düşmeýär. Mysal üçin, “Biziň ýurdumyzda “Gaýryman eneleriň” ençemesi bar” diýen sözlemi “Ene mähri” ady dakylanlaryň manysynda ulansak, onda: “Biziň ýurdumyzda “Ene mährileriň” ençemesi bar” diýen sözlem emele gelýär.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG