Sepleriň elýeterliligi

Ruhnamanyň ruhy barha peselýär


"Ruhnamanyň ruhunyň awtorsyz galaly bäri barha peselýändigi aýdyň bildirýär".

"Ruhnamanyň ruhunyň awtorsyz galaly bäri barha peselýändigi aýdyň bildirýär".

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ruhnama gününde onuň 10 ýyllyk senesini giň gerimde bellemek hakynda ýörite görkezme berendigine garamazdan, onçakly dabara, şagalaň bolmady. Bu senä "Täze Galkynyş eýýamynda milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň sazlaşygy" atly halkara maslahatyň ýanalmagy, paýtagtda we ýerlerde geçirilen çäkli çäreler diýäýmeseň, Ruhnamanyň waspy onuň awtorlygyny öz üstüne alan Nyýazowyň döwründäkisiniň ýele ýanyndanam barmady.

Aýratynam, türkmen mediasy bu ýubileýi inkär edene meňzeýär. Muny şol gün çapdan çykan dört gazetiň mysalynda görmek bolýar. Ýurduň esasy gazetleri bolan "Türkmenistan" we "Нейтральный Туркменистан" neşirleri Türkmenistanyň prezidentiniň Türkmenistanyň ähli halkyna hatyny, Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň halkara maslahatyndan hasabatyny çap etdiler. Rus dilindäki gazet şunuň bilen çäklendi. "Türkmenistan" gazeti bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň baş hünärmeni Myratgeldi Nurmyradowyň döwlet arhiwiniň taýýarlan "Mukaddes Ruhnama — halkyň ruhy şamçyragy" atly gollanmasyna synyny ýerleşdirmegi ýeterlik hasaplady.

Mugallymlar gazetinde "12-nji sentýabr—Ruhnama güni" diýen rubrikanyň astynda Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri Aýzada Annasähedowanyň "Ahlaklylyk — ynsan mertebesi" atly çaklaňja makalasy berlipdir. Ýöne onuň bir ýerinde Ruhnamanyň ady mukaddes sypaty, epiteti bilen getirilipdir diýäýmeseň, bu sene bilen baglanyşygy ýok diýerlik.

"Bereketli toprak" gazeti hem "Şu gün Ruhnama güni" rubrikasy bilen "Ruhnama — ruhy baýlyk" materialy ýerleşdirse-de, onuň mazmuny sözbaşysyna laýyk gelmeýär, çünki sözbaşyda kesgitlenen baha esaslandyrylmaýar. Onda bu sene mynasybetli geçirilen çärelerden hasabat bermek bilen çäklenilýär.

13-nji sentýarda çapdan çykan "Watan", "Nesil", "Aşgabat" gazetlerinde-de Ruhnamanyň on ýyllygyna bagyşlanan çäreler hakynda gysgajyk habarlary, maglumatlary okyjylara hödürlemekden aňry geçilmändir.

Her bir sözi kanun hasaplanýan döwlet baştutanynyň Ruhnamanyň on ýyllygyny baýramçylyga öwürmek barada beren tabşyrygy, näme üçin göwnejaý ýerine ýetirilmedikä? Ýa tabşyryk giç berildimikä, ýa-da hökümet başlygynyň medeniýete we media ýolbaşçylyk edýän, ýakynda işindäki kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, wezipesinden boşadyljakdygy barada nobatdaky duýduryşy alan orunbasarynyň iş başarjaňlygynyň nyrhymyka? Belki-de, görkezme il ýüzüne kiçi dilden berlendir.

Her niçik bolsa-da, Ruhnamanyň ruhunyň awtorsyz galaly bäri barha peselýändigi aýdyň bildirýär.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG