Sepleriň elýeterliligi

Botanika bagy zyýarathana öwrüldi


Aşgabadyň Botanika bagynda, 2011-nji ýylyň sentýabr aýy.

Aşgabadyň Botanika bagynda, 2011-nji ýylyň sentýabr aýy.

Aşgabadyň Botanika bagy 1929-njy ýylyň 1-nji oktýarynda döredildi diýlip, resmi çeşmelerde görkezilýär. Aslynda onuň düýbi tarpdan tutulmandy. Taryhy çeşmelere görä, 19-njy asyryň aýagynda Gökdepe galasy synansoň, rus imperiýasy Türkmenistanda berkitmeler gurup başlapdyr we Aşgabat obasynyň ornundan Aşgabat şäheriniň düýbi tutulypdyr. Şol döwürlerden bu ýere dürli agaçlar, dürli güller getirilip başlanypdyr. Şeýlelikde Aşgabatda akasiýa, dubel, sosna, Týan-şan arçasy, sibir kedri ýaly örän owadan agaçlar hem güller peýda bolýar.

19-njy asyrda ruslar tarapyndan getirilen şol agaçlar hem güller aýratyn goralýardy. Aşgabat demir ýol duralgasynyň ýanyndaky bagda ösüp oturan Kanada dubunyň öňünde onuň haçan oturdylandygy we ýaşy barada ýazgy bardy. Agaçlaryň hem gülleriň köp bölegi Köşi obasynyň gündogar tarapynda bolup, ol ýere Köşi bagy diýilýärdi. Şol ýerde bagçylyk mekdebi hem döredildi. Oba hojalyk instituty hem hut şol ýerden guruldy.

Aşgabadyň Botanika bagynyň ýodajyklarynda gezelenç edip, dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen täsin agaçlary, gülleri synlap, onuň tämiz howasyndan dem almagyň aýratyn lezzeti bar.

Garaşsyzlykdan ozal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi Botanika bagyna döwlet tarapyndan uly üns berilýärdi. Düzüminde ylmy we tehniki işgärleriň 180-den gowragyny jemlän bu ylmy edara ösümlikleriň biologiýasyny öwrenmekde, olary Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyryp, ýurduň halk hojalygyny ösdürmekde, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmakda köp işler edip geldi.

Garaşsyzlyk ýyllary Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran syýasaty netijesinde, bu ylmy merkeziň 120-den gowrak işgäri ştat kemeltmelerine düşürilip, diňe 60 çemesi işgär uly baga hyzmat etmeli boldy. Netijede, Botanika bagynda ýaşy 60-dan geçýän, dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilip ýetişdirilen agaçlaryň köpüsi gurapdyr.

Indi Botanika bagynyň gelim-gidimi göz-görtele azalypdyr. Häzir bu ýerde Oba hojalyk we Lukmançylyk uniwersitetleriniň studentleri tejribe sapaklaryny geçmäge gelýärler diýäýmeseň, başga ekzamenlere taýýarlanmak üçin eli kitaply oturan ýaşlary görmek gaty kyn diýip, ol ýerdäki işgärler aýdýarlar.

Şu günki gün 80 işgäri özünde jemleýän bu ylmy edarada baglary suwarmakda, haşal otlardan arassalamakda, guran agaçlary aýyrmakda el güýji kemterlik edýär diýip, bu ýeriň işgärleri aýdýarlar. Aýdyşlary ýaly hem, Botanika bagynyň içindäki suwly basseýinleriň içi hapa. Olaryň käbirinde dürli reňkli balyjaklar görünýär. Olaryň ýany bilen gurbagalaryň sesini-de eşitmek bolýar.

Häzir Aşgabadyň Botanika bagynyň köp bölegini Türkmenistanyň florasy tutýar. Ol ýerde gyrymsy agaçlaryň, gül-bezegleriniň, ot-iýmlik hem azyklyk ösümlikleriň, tehniki agaçlaryň ummasyz köp görnüşi bar. Aýratyn-da, dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen agaçlar hem güller örän gymmatly saýylýar. Şeýle-de bolsa bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri örän pes diýip, bu ylmy edaranyň öz işgärleri gürrüň berýärler.

Ylym agsaýar

“Türkmenistan” gazetiniň 1997-nji ýylyň 15-nji awgust sanynda Botanika bagynyň alym-kätibi, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Akyýewanyň “Garagum” atly soýa ösümligi barada makalasy çykypdy. Ol ösümlik özünde ýokary belok saklaýandygy üçin, ýag almak we mal oty üçin örän ýokumly saýylýar. Ylmy-kätip öz makalasynda ekologiki taýdan örän arassa soýa ýagyny almakda bu ösümligiň peýdasy barada ýazypdy. Emma soýa ösümligini Türkmenistanda ekmeklik hem, soýa ýagyny öndürmeklik hem ýola düşüp gidibermedi. Metbugatda şeýle ylmy makalalar hem ýat boldy.

Ösümlikleriň jennedi saýylýan bu bagy ösdürmekde we ony ylmy merkeze öwürmekde merhum Baky Berdiýewiç Kerbabaýewiň hyzmaty häzir hem ýatlanýar. Bu bagy ýaňadan diklemekde soňky ýyllarda käbir işler edilipdi. Bu baga az wagtlyk ýolbaşçylyk eden, belli biolog Iozef Sewertoka bu ugurda köp alada etdi. Aşgabadyň Botanika bagynyň hyzmatyny bütin dünýäniň bag-bakja ugrundan iş alyp barýan edaralary bilen baglanyşdyrmakda onuň aýratyn hyzmatynyň bolandygy aýdylýar. Ol bu bagyň agyr ýagdaýy barada açyk çykyş etmegi hem başarypdy. Ol belli alym 1998-nji ýylda aradan çykdy.

1958-nji ýylda TSSR Ylymlar akademiýasynyň ýanynda Bütinsoýuz Botanika jemgyýetiniň Türkmenistan bölümi döredilipdi. Garaşsyzlyk ýyllary dargadylan şol meýletin jemgyýetiň täzeden dikeldilmegi möhüm diýip, ýerli alymlar hasaplaýarlar. Ol jemgyýet Türkmenistanda Botanikanyň ähli pudagynyň ösmegine, ýurduň florasyny gorap saklamaga, ilat arasynda botaniki bilimleri ýaýratmaga uly goşant goşan jemgyýet hökmünde tanalýar.

Indi Ylymlar akademiýasy täzeden işe başlady. Ylma hem praktiki işlere uly peýda getirjek Botanika jemgyýetiniň hem täzeden döredilmegine garaşýanlar az däl.

Botanika bagynyň dokuz gektar ýerinde yssy hem çygly ýurtlardan getirilen palma, kiparis, tuýa, dub, berýoza we beýleki bezeg agaçlarynyň, şeýle hem papaýa, banan, apelsin, mandarin, kiwi ýaly miweli agaçlaryň ençemesi Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylýar. Bezeg gülleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Edara jaýlarynyň öňlerini bezemek üçin, olara isleg näçe diýseň ýeterlik. Ýöne olary jemgyýetiň haýryna bermäge Botanika bagynyň işgärleriniň güýji ýetmeýär. Ylmy derejelerine görä, 1,200 manada çenli aýlyk alýan ylmy işgärler, 500-600 manat aýlyk alýan tehniki işgärler döwletiň goldawyna mätäçdiklerini aýdýarlar.

Botanika bagynyň Görogly köçesine bakyp duran merkezi girelgesi hem, günbatara bakyp duran girelgesi hem hepdäniň duşenbe gününden anna gününe çenli sagat 9-dan 18-e çenli açyk. Uly adamlar üçin petegiň bahasy 1 manat, çagalar we pensionerler Botanika bagyna mugtuna goýberilýär. Ýöne bagy synlamaga gelýän az. Emma bu ýere gelýän zyýaratçy köp. Bagyň gündogar böleginde Burkutata adyny alan bir mazar bar. Onuň daşyna pessejik haýat aýlanypdyr. Burkut atany ýagynyň piri hasaplaýan adamlaram, mazary gudratly, mukaddes ýer saýýanlaram oňa aýlanmaga, ýagşy dilegler etmäge ýörite gelýärler.

Botanika bagyna şu günki gün esasy gelýänler şol zyýaratçylardyr.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG