Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Palestinanyň tagallalarynyň başa barmajakdygyny aýdýar


Ýekşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Palestinany döwlet hökmünde ykrar etdirmek ugrunda palestin resmileriniň edýän tagallalarynyň başa barmajakdygyny nygtap çykyş etdi.

Ierusalimde, hökümet maslahatynda eden bu çykyşynda Benýamin Netenýahu hatda geljek hepde BMG-niň Baş Assambleýasy Palestina döwlet statusyny bermek kararyna geläýende-de, onuň bu statusynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ses berişliginden geçip bilmejekdigine doly ynanýandygyny aýtdy.

Bu wakanyň öňýany Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas şu hepde Nýu-Ýorkda geçjek BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilip, onuň BMG-niň düzümine agza hökmünde kabul edilmegi ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Emma Amerikanyň Birleşen Ştatlary Palestinanyň döwlet statusyna BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde özüniň weto goýjakdygy bilen duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG