Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Germaniýa sapar edýär


Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Germaniýa dört günlük sapar bilen bardy. Germaniýada şu günki gün Türkiýäniň raýatlarynyň 2,5 milliona golaýy ýaşaýar.

Abdullah Gül öz saparynyň barşynda Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf, kansleri Angela Merkel, daşary işler ministri Guido Westerwello we käbir beýleki resmiler bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde, esasan, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalary, muňa Germaniýanyň görkezýän garşylyklary hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklar ýaly meseleler bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG