Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň ýörite delegasiýasy Siriýa bardy


Ýekşenbe güni Orsýetiň parlament deputatlaryndan ybarat ýörite delegasiýa Siriýanyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Damaska bardy.

Bu saparyň barşynda orsýetli deputatlar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we käbir beýleki resmiler bilen gepleşik geçirerler.

Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygynyň orunbasary Ilýas Umakanow “Interfaks” habar agentligine beren interwýusynda Siriýadaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmak üçin ýurduň içerki syýasy dialoglaryna Orsýetiň mümkin bolan ýollar arkaly ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Orsýet BMG-niň Siriýa garşy nähilidir bir sanksiýa ulanmagyna garşy çykyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG