Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň premýer-ministri ABŞ-a saparyny ýatyrdy


Ýekşenbe güni Gresiýanyň premýer-ministri Jorj Papandreu öz ýurdunda çuňlaşýan maliýe krizisi sebäpli Birleşen Ştatlara planlaşdyrýan saparyny-da ýatyrdy.

Şu hepde ol Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşmaklygy hem-de Halkara pul gaznasynda gepleşikler geçirmegi planlaşdyrýardy.

Gresiýanyň Ýewropa Bileleşiginden we Halkara pul gaznasyndan alan öz karzlary üçin edilýän talaplary ýerine ýetirip bilmek mümkinçiligi henizem uly sorag astynda galýar.

Karzlaryň ilkinji tapgyrynda bu ýurda 109 milliard dollar, soňky tapgyrynda-da 110 milliard dollar karz bermeklik karar edildi. Ýöne bu karzlaryň doly berilmegi üçin Gresiýadan birgiden pul tygşytlaýyş çäreleri talap edilýär.
XS
SM
MD
LG