Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykbala ynanýan aýdymçy


90-njy ýyllaryň başynda Çehiýanyň opera teatrlarynda orsýetli talantly ýaş opera aýdymçylary peýda bolup başladylar. Şolardan dördüsi: Galiýa Ibragimowa, Igor Ýan, Oleg Korotkow we Nikolaý Wişnýakow Praganyň Döwlet Opera Teatryna hemişelik aýdymçylar hökmünde kabul edildiler. Gnessiýa akademiýasynda bilim alan Galiýa Ibragimowa teatryň opera repertuarlarynyň esasy aýdymçysy.


Wideo: Galiýa Ibragimowa Çehiýanyň opera teatrynda çykyş edýär.

Azatlyk Radiosyndan Maýsa Baba gyzy opera aýdymçysy Galiýa Ibragimowanyň döredijiligi barada onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Galiýa, siz nädip opera aýdymçysy bolduňyz?

Galiýa Ibragimowa: Men ýönekeý maşgalada, Sibirde doguldym. Soňra Kuzbasa göçüp geldik. Uralda ýaşadyk. Uraldan men Moskwa okuwa gitdim. Biziň öýmüzde plastinka bilen aýdýan patefonlar bardy. Biz ejem-kakam bilen opera aýdymlaryny köp diňleýärdik. Men esasan Zara Dwuhanowanyň ariýalaryny söýüp diňleýärdim. Meniň ene dili we edebiýaty mugallymym hem ariýa aýdýardy. Soňabaka men operadan başga aýdymlary aýdyp bilmejekdigime düşündim.

Azatlyk Radiosy: Galiýa, öz repertuaryňyz barada gürrüň beräýseňiz?

Galiýa Ibragimowa: Meniň repertuarym uly. Ýerine ýetirýän esasy rollarym Karmen, Amneris, Eboli, Dalil, şeýle-de Gamletdäki Gertruda. Onsoňam, köpçülige onçakly tanyş bolmadyk “La Nuris”, “Ariana we gök sakgal”, “Norma” operasyndan Adeldžiza.

Azatlyk Radiosy: Siz nädip bu teatra işe ýerleşdiňiz?

Galiýa Ibragimowa: Men fatalist, ýagny takdyra ynanýan adam. Eger-de şol döwürde Moskwada meni işe alanlarynda, gowuja aýlyk tölänliklerinde men hiç ýere gitmezdim. Men häzirem Moskwada özüm ýaly opera aýdymçylaryna gowy töleýärler diýip aýdyp biljek däl. Belki, “Uly teatrda” töleýändirler. Men Orsýetden garaşylmadyk ýagdaýda, hatda tötänden gitdim. Gitmezimden iki hepde öň “Uly teatrda” diňlenişik boldy. Men diňlenişikden üç sagat öň syrkawladym. Şeýdibem oňa gatnaşyp bilmedim. Şol bir wagtda-da men daşary ýurtdaky diňlenişiklere hem dokument tabşyrypdym. Ýewropa döwletlerinde islendik wagt aýdymçyny sabyrlylyk bilen diňleýärler. Olar muňa gaty gyzyklanýarlar. Emma Moskwada diňlenişige gatnaşyp bilmämsoň, gaýtadan arza berenimde, maňa: “Indi giç, seniň otlyň gitdi!” diýdiler. Men şonda Ýewropada seni islendik wagtda diňleýärler diýsem, “Bar git şol Ýewropa!” diýip, jogap berdiler. Şeýdibem men “Uly teatrdan” gitdim.

Azatlyk Radiosy: Siziň teatryňyzda Merkezi Aziýadan, Orsýetden aýdymçylar barmy?

Galiýa Ibragimowa: Bizde esasan orsýetli opera aýdymçylary kän. Merkezi Aziýadan diňe Gyrgyzystandan Tahira atly aýdymçymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen opera aýdymçylaryndan kimleri bilýärsiňiz?

Galiýa Ibragimowa: Maýa Kulyýewa meniň ýadymda. Onsoňam türkmen zenanlaryndan gowy görýän joram – Hurma. Ol diplomatik duşuşyklara özüniň türkmen milli lybaslarynda gelýär. Gupbasy, ellerindäki, boýnundaky şaý-sepleri hemmäni geň galdyrýar. Şeýle-de men türkmen zenanalarynyň göwresini gedemlik bilen dim-dik tutuşyny gowy görýärin. Hiç millet beýle gedem dim-dik ýöremeýär. Türkmen zenanalary diýende dim-dik synaly, owadan şaý-sepli gelin-gyzlary göz öňüme getirýärin.

Azatlyk Radiosy: Geljekki planlaryňyz barada birki agyz aýdaýsaňyz?

Galiýa Ibragimowa: Men öňünden bir zat diýmäge gorkýaryn. Emma men birnäçe ýyldan bäri uly konsert programmasyny planlaşdyryp ýörün. Şu möwsümde şony amala aşyraryn diýip, umyt edýärin. Türkmen zenanlaryna teatrlary ýatdan çykarmazlygy, teatr işgärleriniň öz tomaşaçylary üçin öz energiýalaryny bermäge taýýardyklaryny ýatladyp geçesim gelýär.

Indi Pragadaky Opera teatry barada aýtsak: teatr Praganyň edil ortasynda ýerleşýär. Ol 1888-nji ýylda gurlan. Teatryň repertuarynda italýan klassyk operalary, şeýle-de Mosart, Berlioz, Bize, Dworžak bar. Spektakllar baý bezegleri we owadan kostýumlary, güýçli hory, halkara opera ýyldyzlary, gastrollary we günbatarly turistleriň arasyndaky tanymallygy bilen tapawutlanýar.
XS
SM
MD
LG