Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky sil pidalaryna $360 million gerek


BMG Pakistandaky suw joşmasy sebäpli ejir çekenlere ýardam bermek üçin 360 million dollara golaý serişdäniň zerurdygyny aýdyp, bu serişdeleri ýygnamaga ýardam bermäge çagyrdy.

BMG-niň Ynsanperwerlik kömegi boýunça bölüminiň metbugat sekretary Humaýra Mehbobyň aýtmagyna görä, haýyr-sahawatdan ýygnalan serişdeler suw alan Sindh we Bulujystan welaýatlarynda ýaşaýan bäş ýarym million adama geljekki 6 aýyň dowamynda ýardam bermäge gönükdürler.

Bu tebigy betbagtçylykda 340-a golaý adamyň heläk bolup, 600-den gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

BMG Pakistanyň Sindh welaýatynda suw joşmasy netijesinde 665 müňe golaý ýaşaýyş jaýynyň weýran bolandygyny, iki milliona golaý adamyň öýsüz-öwzarsyz galandygyny habar berdi.

Geçen ýyl Pakistanda bolan tebigy betbagtçylyk 20 million adamyň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetiripdi. Suw joşmalary häzir hem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG