Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa täze hökümeti düzmek prosesini gaýra goýdy


Liwiýada Kaddafiniň tarapdarlary bilen dowam edýän söweşler sebäpli ýurduň Milli geçiş geňeşi täze hökümeti düzmek prosesini gaýra goýdy.

Geçen ýekşenbe güni Kaddafiniň Bani-Walid şäherindäki tarapdarlary Milli geçiş geňeşiniň goşunlaryny raketa okuna tutdular.

Kaddafä garşy göreşýän gozgalaňçylar diktatoryň doglan şäheri Sirtede söweşiň dowam edýändigini aýdýarlar.

Milli geçiş geňeşiniň wekili Ahman Bani ýakyn günlerde Kaddafiniň goşunlarynyň doly ýeňiljekdigini nygtady.

Kaddafiniň töweregindäkiler bolsa onuň “ençeme aýlap garşylyk görkezmäge taýýardygyny” aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG