Sepleriň elýeterliligi

Ýemende protestçilere hüjüm edildi, 26 adam öldi


Ýemeniň paýtagty Saana şäherinde prezident Ali Abdullah Salehe garşy geçirilen protest demonstrasiýasy basylyp ýatyrlanda azyndan 26 adamyň öldürilendigi, onlarçasynyň ýaralanandygy habar berildi.

Maglumata görä, soňky aýlarda Salehiň režimine garşy geçirilen iň iri demonstrasiýada Ýemeniň howpsuzlyk güýçleri protestçileri oka tutupdyr.

Iýun aýynda özüne edilen hüjümde ýaralanan prezident Saleh häzir Saud Arabystanynda medisina bejergisini alýar.

Şu ýylyň fewralyndan bäri Ýemende bu ýurda 30 ýyllap ýolbaşçylyk eden Salehiň režimine garşy demonstrasiýalar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG