Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Aşgabatda


Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň delegasiýasy bilen duşuşyk boldy. Delegasiýa guramanyň metbugat azatlygy boýunça ýörite wekili Dunýa Miýatowiç ýolbaşçylyk edýär. Bu barada TDH habar berýär.

Duşenbe güni ýurduň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, hususanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi barada gürrüň edildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky kanuny ösdürmek boýunça goldaw proýektiniň ähmiýeti hem bellendi. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Duşenbe güni delegasiýanyň başlygy Dunýa Miýatowiç Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Halkara gatnaşyklary institutynda leksiýa berdi.

ÝHHG-niň delegasiýasy Mejlisde, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutda hem gepleşikler geçirer. Duşuşyklarda Türkmenistanda daşary ýurt habar serişdeleri üçin işleýän žurnalistleriň akkreditasiýa edilmegi, şol žurnalistleriň ýurtda hiç bir päsgelçiliksiz işlemegi üçin şertleriň döredilmegi baradaky meseleleriň hem gozgalmagyna garaşylýar.

Adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň bellemegine görä, Türkmenistan dünýäde metbugat azatlygy iň gödek bozulýan ýurtlaryň biri.
XS
SM
MD
LG