Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abbas Ysraýyly Palestinany ykrar etmäge çagyrdy


Palestinanyň lideri Mahmut Abbas Ysraýyly garaşsyz Palestina döwletini ykrar etmäge çagyrdy.

Abbasyň žurnalistlere aýtmagyna görä, öz ýurduny BMG-niň agzalygyna almak barada bu gurama ýüzlenenden soň “örän çylşyrymly ýagdaýlaryň döremegi mümkin”.

Mahmut Abbas anna güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda çykyş edip, Palestinany BMG-niň agzalygyna almak barada çagyryş eder diýlip garaşylýar.

Ysraýyl entek özara dawany çözmek barada ikitaraplaýyn ylalaşygyň ýokdugy üçin, Palestina döwletiniň ykrar edilmegine garşy.

Birleşen Ştatlar Ysraýyla raýdaşlyk hökmünde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde weto hukugyny ulanjakdygyny duýdurdy.

Waşington garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini goldaýandygyny, emma Palestinanyň garaşsyzlygynyň Ysraýyl bilen geçiriljek gepleşikler netijesinde gazanylmalydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG