Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada Türkiýäniň harby ýük uçary nyşana alyndy


Duşenbe güni Türkiýäniň harby goşuny öz ýurdunyň harby ýük uçaryny Liwiýanyň howa hüjümlerine garşy güýçleriniň nyşana alandygyny aýtdy.

Türkiýäniň harbylarynyň maglumatyna görä, harby uçar Bani Walid şäherinde nyşana alnypdyr. Emma uçara hiç hili zeper ýetmändir. Bu şäherde Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň güýçleri häkimiýetden agdarylan Kaddafä wepaly güýçlere bilen söweşýärler.

Türkiýäniň harby uçary Bengazi şäherine ynsanperwerlik kömegini eltip, ýekşenbe güni yzyna dolandy. Bu ot açma boýunça derňewler dowam edýär diýip, Türkiýäniň Baş ştabynyň beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG