Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: TU-134 heläkçiliginiň sebäpleri anyklandy


Duşenbe güni döwletara awiasiýa komiteti şu ýylyň iýun aýynda Petrozawodskiý şäheriniň golaýynda TU-134 uçarynyň betbagtçylyga uçramagynyň sebäplerini yglan etdi.

Komitetiň maglumatyna görä, bu uçaryň ýol beledi biraz içgili eken. Şonuň ýaly-da, berlen howa maglumatlarynyň “dogry çykmandygy” we ekipaža Petrozawodskiniň uçar meýdanyndaky howa şertleri barada berlen maglumatlaryň anyk bolmandygy hem uçaryň heläk bolmagyna getiripdir.

Moskwadan ugran şol uçar 21-nji iýunda betbagtçylyga uçrapdy. Uçardaky 52 adamyň 47-si öldi, 5-si agyr ýaralandy.
XS
SM
MD
LG