Sepleriň elýeterliligi

Döwleti dolandyryşyň Prezident görnüşi özüni ödeýärmi?


Türkmen parlamentiniň wekilleri prezident bilen duşuşykda, 2011-nji ýylyň 20-nji ýanwary.

Türkmen parlamentiniň wekilleri prezident bilen duşuşykda, 2011-nji ýylyň 20-nji ýanwary.

Döwleti dolandyryşyň Prezident görnüşiniň ozalky sowet respublikalarynda döredýän nogsanly taraplary az däl. Bu babatda parlamentiň roluny ýokarlandyrmakda Gyrgyzystanyň göreldesine eýermegiň netijeli boljakdygyny aýdyp bolar.

Geçen ýigrimi ýyla golaý wagt döwletiň prezident tarapyndan dolandyrylmagynyň ençeme nogsanlygyny görkezdi. Olar Merkezi Aziýa respublikalarynyň mysalynda has aýdyň ýüz berdi. Eýsem, şol nogsanlyklar nämelerden ybarat?

Birinjiden, döwleti dolandyryşyň bu görnüşinde çäklendirilmedik häkimiýet bir adamyň elinde jemlenilýär.

Ikinjiden, netijede, döwlet baştutanynyň şahsyýet kulty kemala gelýär. Ýolbaşçy islese-islemese, diktatora öwrülýär. Şeýlelikde, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ösüşi ýoga çykarylýar, totalitarizm syýasy-jemgyýetçilik, sosial-ykdysady durmuşyň ähli ugurlaryna sowet döwründe uran köklerini has mäkäm ýaýradyp ugraýar. Netijede, raýatlaryň syýasy, ykdysady, wyždan azatlyklary we hukuklary gysaja salynýar, depgilenýär.

Türkmenistan ýaly halkynyň özenini tire-taýpalar düzýän ýurtlarda döwleti dolandyrmagyň prezident görnüşiniň üçünji esasy nogsanlygy ýüz berýär. Döwleti dolandyrmaga ol ýa-da beýleki taýpanyň, sebitiň, welaýatyň, hatda bir etrabyň wekilleriniň çekilýändigi hakyndaky gürrüňler peýda bolýar.

Döwletdäki ýokary wezipeleri, güýç ulanyjy, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylygyny bir regionyň kadrlarynyň eýelemegi, welaýatlardaky esasy edaralara ýolbaşçylaryň merkezden iberilmegi ilatda nägilelik döredýär. Dogry, bu nägileligi gorky astynda saklanylýan halk diňe özara gürrüňlerde dile getirmäge gaýrat tapýar. Şeýle görnetin adalatsyzlyk — bir regionyň adamlaryna artykmaçlyk berilmegi tire-taýpalaryň millet hökmünde gutarnykly kemala gelmegine, jebisligine, agzybirligine ýaramaz täsirini ýetirýär.

Dördünjiden, döwleti dolandyrmagyň bu görnüşiniň döwlet gaznasyna arzan düşmeýändigini hem hasaba almaly.

Şu agzap geçen dört nogsanymyň soňuna çykmak üçin Gyrgyzystanyňky ýaly döwleti dolandyrmagyň esasan parlament görnüşine geçmek netijeli bolar diýip oýlanýaryn.

Şonda ýurdumyzyň şertlerinde parlamentiň başlygy wezipesine her ýylda bir welaýatymyzyň wekili saýlanylsa, diktatorlygam, şahsyýet kulty hem döräp bilmez. Şuňa pugta ynanýaryn.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG