Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Palestina bilen gepleşiklere başlamak isleýär


Ysraýylyň premýeri Benýamin Netenýahu özüniň Palestinanyň lideri Mahmud Abbas bilen duşuşyp, parahatçylyk boýunça ikitaraplaýyn gepleşiklere başlamak isleýändigini aýtdy.

Netenýahunyň edarasynyň beren maglumatynda bu duşuşygyň şu hepde geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň işiniň dowamynda bolmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

Abbasyň anna güni BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestinanyň bu gurama agza bolmagy barada resmi suratda ýüz tutmagyna garaşylýar.

Ysraýyl Palestinanyň bu ädimine garşy çykýar. Birleşen Ştatlar hem Palestinanyň garaşsyz ýurt bolmagy üçin, Ysraýyl bilen gepleşikler geçirmegini goldaýar.

ABŞ Palestinanyň garaşsyzlygyny ykrar etmek meselesi orta atylsa, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde öz weto goýmak hukugyndan peýdalanjakdygyny öňünden duýdurdy.

Hepdäniň duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton çykyş edip, palestin-ysraýyl gepleşikleriniň aktiwleşmegine özleriniň ýardam berjekdigini aýtdy.

“Biz iki ýurduň parahat ýaşaşmagyny gazanmak üçin ýeke-täk ýoluň – özara gepleşiklerdigine ynanýarys” diýip, Klinton aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baran prezident Barak Obama hem palestin-ysraýyl meselesi bilen bagly gepleşikleri geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG