Sepleriň elýeterliligi

Italiýanyň ykdysadyýetine pes baha berilýär


20-nji sentýabrda dürli ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyna baha berýän “Standard&Poor's” agentligi Italiýanyň derejesini bir punkt pese düşürdi. Bu ädim ÝB-niň bergi krizisinden çykmak ugrunda edýän synanyşyklarynyň ýeterlik däldigine şaýatlyk edýär.

“Standard&Poor's” agentliginiň ýaýradan beýanatynda Italiýanyň derejesiniň mundan beýläk hem pese gaçmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Bu agentlik Italiýanyň ykdysady ösüşine negatiw baha berdi.

Beýanatda “Hökümeti koalisiýasynyň gowşaklygy we deputatlaryň arasyndaky tapawut ýewrozolagyň üçünji iri ykdysadyýetli ýurdy bolan Italiýanyň ykdysady kynçylyklara döz gelmek üçin edýän tagallalaryny çäklendirýär” diýilýär.

“Standard&Poor's” agentliginiň bu ädimi Italiýanyň ýurtda maýa ýatyrýan maýadarlara has ýokary renta göterimini tölemeli boljakdygyny aňladýar. Sebäbi häzirki ýagdaýda italýan hökümetiniň şol karzlary gaýtaryp bermäge ukypsyz bolmak howpy artýar.
XS
SM
MD
LG