Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamalarda 13 adam heläk boldy


Pakistanda bolan iki partlamada azyndan 13 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Bu wakanyň biri ýurduň Peşawar şäherinde boldy. Onda motosikle goýlan bombanyň partlamasy netijesinde azyndan 5 adam heläk bolup, 20-ä golaýy ýaralandy.

Ýerli häkimiýetleriň beren maglumatlarynda partlamanyň bazarda dürli wideofilmleri hem aýdym-sazly diskleri satýan dükanlaryň ýanynda amala aşyrylandygy aýdylýar.

Şeýle dükanlaryň harytlary yslama garşy diýlip hasaplanýar. Şol sebäpli-de köp halatda ektremistler bu dükanlara hüjüm edýärler.

Beýleki wakada Pakistanyň Karaçi şäherinde polisiýanyň ýokary derejeli wekili Çodri Aslamyň öýüniň golaýynda janyndan geçen hüjümçi özüni partlatdy. Netijede 8 adam heläk boldy, olardan altysy polisiýa işgärleri.

Aslamyň özi bu hüjümde sag-aman galdy. Ol hüjümi talyplaryň amala aşyrandygyny çaklaýar.
XS
SM
MD
LG