Sepleriň elýeterliligi

Belarus Hytaýdan 1 milliard dollar karz aldy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Hytaý häkimiýetlerine bir milliard dollara barabar karz-kredit berendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Hytaý bilen Belarusyň arasynda karz pul baradaky şertnama 17-nji sentýabrda gol çekildi.

Belarusyň prezidenti ýurduň telewideniýesinde çykyş edip, bu serişdeleriň Belarusyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak hem halk hojalygynyň dürli pudaklaryna soňky tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Häzir Belarus Sowet Soýuzy dargaly bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär. Belarus häkimiýetleri Halkara pul gaznasyna 8 millard dollara barabar karz pul sorap ýüz tutdy, emma bu gazna karzyň esasy şerti hökmünde ýurtda zerur reformalaryň geçirilmegini talap edýär.
XS
SM
MD
LG