Sepleriň elýeterliligi

Prezident Obama üçin Palestin meselesi


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu (çepde), ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ortada) we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas Waşingtonda, 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabry.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu (çepde), ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ortada) we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas Waşingtonda, 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabry.

BMG-de Palestinanyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi we täze döwletiň şu halkara guramanyň agzalygyna göterilmegi hakyndaky meseläniň gozgalmagyna garaşylýar.


Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň öňünde orta çykan kyn mesele barada pikir ýöredýärler: ABŞ Ýakyn Gündogardaky arap ýaranlary bilenem, Ysraýyl bilenem gatnaşyklarynyň sowaşmagyny isläp baranok. Palestin ýolbaşçylary öz garaşsyzlyklaryny ykrar etmek baradaky arzany bermekden ýüz öwürse, Waşingtonyň nukdaý nazaryndan şol iň gowy çözgüt boljak. Mundan biraz öň prezident Obama Mahmud Abbasa häzirki wagtda garaşsyzlygyň birtaraplaýyn yglan edilmeginiň regiondaky ýagdaýy ozalkysyndan-da beter durnuksyzlaşdyrmagynyň mümkindigi barada yşarat edipdi.

Muňa alternatiwa hökmünde Barak Obama Ysraýylyň we Palestina awtonomiýasynyň ýolbaşçylaryna parahatçylykly gepleşikleriň başyna geçmegi, şol gepleşiklerde Palestina awtonomiýasynyň garaşsyz döwlet bolan mahaly Ysraýylyň öz howpsuzlygyna berk kepil alyp bilmegi ýaly şertleriň çözgüdini işläp taýýarlamagy teklip edipdi.

Ysraýylyň tarapyny çalýan Kongresiň gysyşy netijesinde prezident Obama Howpsuzlyk Geňeşiniň Palestina döwletini ykrar etmek baradaky rezolýusiýasyna weto goýmagy Ysraýyla wada berdi. Ýogsa Waşingtonda şeýle ädimiň musulman dünýäsinde ýaramaz garşylanmagynyň mümkindigine hem düşünýärler.

BMG-de wakalar nähili ýaýbaňlanyp biler we kabul edilen karar dünýädäki ýagdaýa nähili täsirini ýetirer? Azatlyk Radiosynyň şu sowalyna Johns Hopkins uniwersitetiniň professory, Amerikanyň daşary syýasaty boýunça eksperti Robert Fridman şeýle jogap berdi:

—Dogrusy, şu mesele ilki Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna gelip gowuşsa gerek. Resmi teklip heniz girizilenok—munuň özi örän möhümdir. Bärde iki ýagdaý bolup biler. Birinjisi: Palestina awtonomiýasynyň Iýerusalimi paýtagt edinmek bilen, 1967-nji ýyldaky araçäklerde garaşsyz Palestina döwletini döretmek baradaky haýyşy. Ikinji wariantyň üstünde häzir Ýewropa basa oturyp işleýär: olam 1967-nji ýyldaky araçäkler boýunça Palestina döwletini döretmekden ybarat, ýöne Ysraýylyň howpsuzlygynyň hatyrasyna iki tarapam öz territoriýalaryndan aýry-aýry bölekleri birek-birek bilen çalyşmaly. Şu plan prezident Obamanyň şu ýylyň maýynda sözlän sözünde öňe süren teklibine azda-kände laýyk gelýär.

Eger-de Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna Ysraýylyň bähbitleri göz öňünde tutulmadyk birinji wariant gelip gowuşsa, onda ABŞ özüniň weto goýmak hukugyndan peýdalanyp biler. ABŞ-nyň käbir ýaranlarynyň-da şeýtmegi mümkin. Emma Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik iki agzasy—Orsýet bilen Hytaý megerem, Palestina döwletiniň garaşsyzlygyna ses berer. Şu meselede Fransiýanyň, hatda Angliýanyň hem nähili hereket etjegi nämälim. Ýöne islendik ýagdaýda-da bu teklip geçmez, sebäbi ABŞ oňa weto goýmakçy.

Eger-de teklip Baş Assambleýanyň garamagyna gelip gowuşsa, onda şol ýerde palestinalylar zerur bolan sesleriň 129-dan gowragyny, ýagny sesleriň 2/3 köplügini alarlar. Ýöne mesele nähili çözülen halatynda-da palestinalylaryň köpçülikleýin ýöriş guramagy örän mümkindir, olar Ysraýylyň serhet punktlaryna tarap ýönelerler, bu bolsa, taraplaryň çaknyşmagyna getirip biler. Bolaýjak has iri halkara netijeleri barada aýdanyňda, onda palestinalylaryň yzysüre sany 25 milliona ýetýän kürtlerem özleri üçin garaşsyz döwleti talap edip bilerler. Olaryň Eýran we Türkiýe bilen köne dawasy bar, ylalaşyk gazanar ýaly-da hiç hili umyt görnenok, şeýle bolansoň, kürtlerem BMG-ä arza berip bilerler.

Prezident Obama Ysraýyla gezek gelende, hamala, berk pozisiýany saklaýar diýip, hernäçe ýazgarylsa-da, şeýle aýyplamalar hakykata laýyk gelmeýär. Obama Ysraýylyň howpsuzlyk sistemasyna goşmaça serişdeler goýberdi, ol Müsüriň täze ýolbaşçylaryndan Ysraýylyň ilçihanasyny goramak boýunça goşmaça çäreleri görmegi talap etdi, onsoňam, prezident Obama Ysraýylyň BMG-däki iň soňky hakyky ýarany. Ýöne ysraýyllylaryň Iordanyň Günbatar bölegine göçüp barmak meselesi boýunça Obamanyň pikiri Ysraýylyň hökümetiniňki bilen çapraz geldi. Ýöne, meniň pikirimçe, Ysraýylyň howpsuzlygy baradaky meselelerde Obama Ysraýyl üçin ABŞ-nyň öňki-soňky prezidentleriniň arasynda iň gowy ýaranlaryň biridir — diýip, Johns Hopkins uniwersitetiniň professory Robert Fridman aýdýar.

Gallap institutynyň maglumatlaryna görä, Obama Ysraýyla 1967-nji ýyldaky serhetlerine dolanmagy teklip etmänkä ony amerikaly ýewreýleriň 68 prosenti goldaýardy. Ýöne şondan soň goldawyň derejesi 55 prosente çenli aşak düşdi. Täze prezidentlik möhletine saýlanmak üçin Obamanyň şu ýitiren seslerini yzyna gaýdyp almagy zerur. Eger-de Palestinanyň garaşsyzlygy baradaky rezolýusiýa Howpsuzlyk Geňeşinde sese goýulsa, ABŞ-nyň weto hukugyndan peýdalanjagynyň esasy sebäpleriniň biri şudur.

Dörän ýagdaýdan ýerlikli, göwnemakul çykalga tapmak üçin prezident Obama Nýu-Ýorkda dürli ýurtlaryň liderleri bilen birnäçe duşuşyk geçirer, çarşenbe güni, 21-nji sentýabrda bolsa, ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň açylýan sessiýasynda söz sözlär.

Ysraýylyň premýer-ministriniň Baş Assambleýadaky etjek çykyşy bolsa ABŞ-nyň prezidentiniň öňe süren tekliplerine jogap hökmünde bolmagy mümkin.

Aleksandr Sirotin Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG