Sepleriň elýeterliligi

HPG: global ykdysadyýete krizis howpy abanýar


Halkara pul gaznasy dünýa ykdysadyýetine krizis howpunyň abanýandygyny duýdurýar. Gaznanyň beren maglumatynda 2011-2012-nji ýyllarda dünýäniň ösen ýurtlarynda ykdysady ösüşiň pese gaçmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlarda 2011-nji ýylda ykdysady ösüş 1,5%, 2012-nji ýylda bolsa 1,8% bolar diýlip, çak edilýär. Ýewrozona girýän 17 ýurduň ykdysady ösüşi öňki çaklanyşyndan 30% pese düşürildi.

20-nji sentýabrda dürli ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyna baha berýän “Standard&Poor's” agentligi Italiýanyň derejesini bir punkt pese düşürdi. Italiýanyň premýeri Silwio Berluskoni bu karar “hakykata laýyk gelmeýär” diýdi.
XS
SM
MD
LG