Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Türkmenistany mediany erkinleşdirmäge çagyrýar


ÝHHG guramasynyň media azatlygy boýunça ýörite wekili Dunýa Miýatowiç Türkmenistanyň häkimiýetlerini habar serişdelerindäki çäklendirmeleri ýeňilleşdirmeklige hem-de internetiň elýeterliligini artdyrmaklyga çagyrdy.

Dunýa Miýatowiç sişenbe güni bu barada Türkmenistana eden saparynyň yzýany ýaýradan beýanatynda nygtady. Özüniň bu sapary wagtynda ÝHHG -niň wekili Türkmenistanda hökümete degişli bolmadyk, iň bolmanda, bir gazetiň neşir edilmegine ýol berlendigini oňyn bir alamat hökmünde belledi.

“Türkmen jemgyýeti üçin ýurtda çap edilýän hem ýaýlyma berilýän maglumatlaryň dürli-dürli bolmagy gaty möhümdir. Ýurtda döwlete degişli däl gazetiň çap edilmegi guwandyrýar. Emma metbugat plýuralizmini ilitergi bermek üçin ýurtda entek gaty köp iş edilmeli” diýip, Miýatowiç aýtdy.

Türkmenistan media azatlygy meselesinde dünýäde iň bir ýaramaz ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Daşary ýurt internet saýtlarynyň köpüsi ýurtda baglangy ýagdaýda.
XS
SM
MD
LG