Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran tussag edilen amerikan raýatlaryny goýberýär


Çarşenbe güni Eýranyň döwlet mediasy içalyçylykda aýyplanyp, tussag edilen iki amerikan raýatynyň şu gün azatlyga goýberlendigini habar berdi.

Eýranyň «Press-TV» döwlet telewideniýesi çarşenbe güni Tähranyň şikaýat sudunyň amerikan raýatlary 28 ýaşly Şeýn Bauer bilen 29 ýaşly Joş Fattalyň her birini 500 müň dollar girewine pul goýdurtmak arkaly, azatlyga goýbermek barada höküm çykarandygyny mälim etdi.

Bu gürrüňi edilýän amerikan raýatlary 2009-njy ýylda Yrak tarapyndan Eýranyň serhedini kesip geçenlerinde, içalyçylykda güman edilip tussag edilipdiler.

Aýyplanýanlaryň özleri serhet ýakasynda syýahat edip ýörkäler, ýalňyşlyk bilen Eýranyň territoriýasyna girendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG