Sepleriň elýeterliligi

Obama Türkiýäniň premýeri Erdogan bilen duşuşdy


Sişenbe güni giçlik ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan bilen Nýu-Ýorkda gepleşik geçirdi.

BMG-niň Baş Assamleýasynyň sessiýasynyň gapdalynda geçirilen bu özara gepleşikde prezident Barak Obama Rejep Taýýip Erdogany Türkiýäniň Ysraýyl bilen arasynda dörän soňky dartgynlylygy gowşatmaklyga çagyrdy.

Mundan daşary, Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri bu gepleşikde Siriýada protestçilere garşy gazaply güýç ulanmalary togtatmak üçin taraplaryň Siriýanyň režimine garşy basyşlary artdyrmak barada özara ylalaşyga gelendiklerini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG