Sepleriň elýeterliligi

Matwiýenko ors parlamentiniň ýokarky palatasynyň spikeri boldy


Çarşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy Sankt-Peterburg şäheriniň ozalky gubernatory Walentina Matwiýenkony bu palatanyň spikeri wezipesine saýlady.

Parlamentiň ýokarky palatasy, ýagny, Federasiýa Geňeşi tarapyndan geçirilen ses berişlikde deputatlaryň 140-sy Matwiýenkonyň kandidaturasyny goldady, biri saklandy we diňe bir deputat oňa garşy ses berdi.

Walentina Matwiýenko 2003-nji ýyldan bäri Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherine gubernatorlyk edip gelipdi.

Parlamentiň ýokarky palatasyna ýolbaşçylyk etmek baradaky teklip oňa prezident Dmitriý Medwedew tarapyndan edilipdi. Bu wezipe Orsýetiň dolandyryş sistemasynda döwletiň iň ýokarky üçünji wezipesi hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG