Sepleriň elýeterliligi

Palestinanyň synanyşygy nähili netijelere getirip biler?


Palestinanyň lideri Mahmud Abbas BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş ştab kwartirasynda, 19-njy sentýabr.

Palestinanyň lideri Mahmud Abbas BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş ştab kwartirasynda, 19-njy sentýabr.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna anna güni Baş Assambleýada çykyş edeninden soň, Palestinanyň bu gurama doly agzalygy barada arza berjekdigini duşenbe güni resmi taýdan bildirdi.

Ýöne bu rezolýusiýanyň Howpsuzlyk Geňeşinde (15 sesden) gerekli köplük 9 sesi aljakdygy belli däl. Alaýanda-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary oňa weto goýjakdygyny aýtdy. Şol sebäpden palestinalylar häzirki ýagdaýda hiç bir halatda Birleşen Milletler Guramasyna doly agza bolup bilmeýär. Onsoň olar BMG-niň düzgünlerine esaslanýan strategiýany logiki netijesine çenli yzarlajak bolsalar, Baş Assambleýa bir bärkiräk zat üçin ýüz tutmaly bolýarlar. Bu hem agza däl synçy döwlet statusy.

Palestina (Palestinany azat ediş guramasy - PLO) Birleşen Milletler Guramasynda 1974-nji ýyldan bäri döwlet däl synçy. Täze status palestinalylaryň bu guramada ellerinde bar bolan gurallary düýpgöter üýtgetmese-de, muňa olaryň möhüm simwoliki ýeňiş diýip garamagy mümkin. Bu şol bir wagtyň özünde-de Palestinanyň döwlet bolmak hukugynyň halkara derejesinde ykrar edildigi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyna doly agzalyga, özbaşdaklyga tarap ädilen bir ädim bolar.

Agza däl döwlet statusynyň palestinalylara ýaraýan iki aspekti bar. Häzir beýle statusa diňe Watikan eýe. Ol dürli sebäplere görä doly agzalyk islemeýär. Taryhy jähtden garanyňda ozal Birleşen Milletler Guramasyna agza däl 16 döwlet bardy. Bularyň hemmesi indi doly agza.

Ikinjiden-de, käbir palestinalylar synçy statusly agza däl Palestina döwleti Ysraýyly kanuny ýollar bilen yzarlamak üçin, halkara kanun goraýjy gulluklardan we mehanizmlerden peýdalanyp biler diýip, umyt edýärler. Olary aýratyn gyzyklandyrýan zat Ysraýyl we Ysraýyl resmilerini harby jenýatda aýyplap, Halkara jenaýat suduna bermek.

Palestinalylaryň Baş Assambleýada şeýle statusy aramaklary üçin iki ýol bar. Bularyň birinjisi – Ýewropa Bileleşigi bilen düşünişmek. Ýöne kyn tarapy, agza döwletleriň arasynda bu barada birlik ýoklugy. Olaryň käbiri muny goldasa, käbiri muňa garşy, käbiri hem bu meselä biparh garaýar.

Ikinji ýol – bu meselä konfrontasiýa üsti bilen çemeleşmek. Munuň hem Ysraýylyň, Birleşen Ştatlaryň we käbir ýewropa döwletleriniň hem berk garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin.

Ikinji ýoluň Birleşen Ştatlardan we Ysraýyldan gelýän palestina häkimiýetleri üçin aşa möhüm serişdeleriň kesilmegine getirmek ähtimallygy-da ýok däl. Şol sebäpden palestinalylaryň konfrontasiýa bilen Baş Assambleýada gazanany – gazanjakdygyna şübhe hem ýok – tutuşlygyna diýen ýaly gymmat baha tölenen simwoliki utuş bolýar.

Palestina ýolbaşçylary Ysraýylyň häzirki premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň hökümetiniň özleriniň garaşsyzlygyna getirjek gepleşikleri çyny bilen alyp barma niýetiniň bardygyna ol diýen ynam etmeýändiklerini aýdýarlar. Birleşen Ştatlaryň araçylygy bilen ýola goýlan gepleşikler hem kesildi. Ol iň bärkisi, şu wagt şeýle. Şol sebäpden palestinalylaryň başga bir çykalga agtarmagy düşnükli zat.

Ýöne BMG-de konfrontasiýa bilen hereket etmek Günbataryň, aýratyn-da Birleşen Ştatlar bilen Ysraýylyň Palestinadan ýüz öwürmegine getirer. Bular çakdanaşa garşylyk görkezip, berýän pullaryny kesse, onda Palestina kyn ýagdaýa düşüp, munuň gahar-gazap döredip, zorlukly hereketlere getirmegi-de mümkin. Bu hem howpsuzlyk taýdan-da, syýasy taýdan-da hem Ysraýylyň, hem palestina häkimiýetleriniň zyýanyna.

Palestina ýolbaşçylarynyň bu ugurda entek äden bir resmi ädimi ýok. Eglişik gapysy entek açyk. Eglişikli bir ýol tapmak taraplaryň ikisiniň-de bähbidine doly gabat gelýär.

Hüseýin Ibiş “Now Lebanon” neşiriniň synçysy, Orta Gündogar boýunça ekspert. Bu kommentaride öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG