Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mahaçkaladaky partlamalarda 4 adam heläk boldy


22-nji sentýabrda Dagystanyň Mahaçkala şäheriniň merkezinde bolan iki partlamanyň netijesinde bir polisiýa işgäriniň heläk bolup, ýene 14 adamyň ýaralanandygy habar berildi. Bu barada şäheriň hukuk goraýjy organlaryna salgylanyp, ýerli habar agentlikleri maglumat ýaýratdylar.

Hepdäniň çarşenbe güni hem Mahaçkalada ulaga goýulan bomba partlap, üç adamyň ölümine sebäp boldy. Bu wakada ýene bir adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Bu hüjümler boýunça derňewler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG