Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende 16 adam öldürildi, ençemesi ýaralandy


20-nji sentýabrda Ýemeniň resmi häkimiýetleri bilen oppozision protestçileriň barlyşyk barada özara ylalaşyga gelendiklerine garamazdan, çarşenbe güni paýtagt Sanaada ýene-de ok atyşlyk boldy.

Bu çaknyşyklarda azyndan 16 adamyň heläk bolup, 50-ä golaýynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Maglumata görä, Ýemeniň hökümet goşunlary geçen şenbe güni başlanyp, üç gün dowam eden ganly çaknyşyklarda heläk bolan adamlary jaýlamaga üýşen ilaty oka tutupdyr.

Şol üç günüň dowamynda Ýemeniň paýtagtynda prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip geçirilen protest çykyşlarynda 80-e golaý protestçi atylyp öldürildi.

21-nji sentýabyrda halkara Gyzyl haç guramasy Ýemende dowam edýän zorluk bilen bagly alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG