Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow: üstünlikler köp propagandirlenmeli


21-nji sentýabrda Türkmenistanda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna görülýän taýýarlyklar barada gürrüň edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň maslahatynda çykyş edip, 2011-nji ýylda Türkmenistanda jemi 370 desganyň gurulýandygyny aýdyp, şu ýylyň dowamynda her gün diýen ýaly täze desganyň açylýandygyny belledi.

Berdimuhamedow ýurduň metbugatynda garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada has giň propaganda işleriniň geçirilmelidigini belledi.

Ol şeýle propaganda işleriniň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda hem geçirilmegiň zerurdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG